RealMusic

Senin ucin - Masta young

535 / 0 / 7 лет
Seniň üçin ýazdym diňle setirlerimi
Salamym bolsun setirlerimiň hemmesi
Eşidýäňmi sesimi? Eşidýänsiň sesimi
Ýazman oturup bilmedim Körpäm diňle meni

Owadan peri goňurja gözli
Owadan sözli şirin süýji dilli
Gözlerimiň gözleriňi göresi geldi
Küseýän seni Ejeşim men seni

Bol ýanymda sen meniň aňymda
Gözleriň göz öňümde sen kalbymda
Elleriň ellerimde sen meniň ýanymda
Seniň bilen bile bolmak (ýaşa ýanymda)

Gitme menden tut ellerimden
Duýaýyn mähriňi gujagyma dol meň
Allamdan dileýän dilegim sen
Gitme menden söýenim sen

Meniň ýekeje söýenim
Meniň ýekeje perim
Ýanyňda men solmarsyň hiç gülüm
Sensizlik bu maňa ölüm

Bolup görünýä
Seniň özüň maňa bütin bir dünýä
Sen ýanymda dünýäm ýagtalýa
Sen ýok maňa bir zada bolýa

Başym gaýgydan dolýa
Sen ýylgyrsaň dünýäm durýa
Ýüregim batly urýa
(Sen diýip urýa)

Sen diýip urýa meniň bu ýüregim
Söýenim, ýekejäm, küýsegim, ömrüm
Dileýän dileglerimiň ählisi sensiň geregim
Gel ýanyma gel gelinim

Sensiň meniň söýenim
Seniň bilen körpäm meniň ýagty geljegim gelejegim
Seniň bilen bilelikde ömür sürjegim
Soňky demimde hem söýýän seni diýjegim

Islegim seniň bilen bir ömür bile bolmak
Islegim seniň bilen bagtly bolmak
Islegim çagalarymyza bile guwanmak
Islegim seniň elleriňde ölmek...
История создания
Ejeş üçin