RealMusic
7 лет

5.Sen gerek feat Rapresyon

4:13
53 31%
Жанр
Рэп
Жанр
Рэп
Лицензия
Автор музыки
NORTHbeat
Автор текста
Masta young
Исполнитель
Masta young
Альбом
"SENIŇ ÜÇIN"
Студия
M.Y.A recordzz
Текст
.: Sen gerek :.
.: Masta young feat Rapresýon :.

Rapresýon:
Bilemok haýsy duýgular seni maňa baglady
Ýeke ýürek bilýäňä diňe sensiz aglady
Hudaýa müňde şükür kalba seni baglady
Biziň durmuşumuzam söýgimize baglydy

Durmuşumuň gülüsiň ýaňy açylyp barýan
Ýüregimiň eýesisiň gursagymda urýan
Mylaýym howasyň demi senden alýan
Nirä seretsem bala keşbiňi görýän

Söýýän seni diýesim gelýär emma nädip
Daşyňdan guwanýan görküňe seredip
Içimdäki duýgulary bilemok saklap
Ömürlik söýerin kalbymda besläp

Seredýän aýa görküňi ýatlap
Gözlerim bilenok özgä gözläp
Içki duýgularymy özüňe baglap
Meniň söýgime jan bildiň eýeläp

Gaýtalamak:
Seni söýýän gülüm seni söýýän
Adyň doga ýaly dilimde gaýtalaýan
Sen gerek maňa diňe sen gerek
Seni söýýän diýeýin müň gezek

Masta young:
Ýene saňa bagşladym sözlerimiň owadanyny
Ýada salýan seniň gözleriňi
Ýene gujagyma dolsana ýene meniň
Bilseň sen bu dünýäde ýeketäk geregim

Sen meniň melegim, düýşümdäki perim
Asmandaky aýym, ýerdäki bagtym
Soňsuza çenli meniň söýjegim
Söz berýän soňsuz seni söýjegim

Sen meniň ömrümiň bagty
Ýüregim gapysy açyk ýapylmaz saňa indi
Gel bile bolaýly Zöhre Tahyr ýaly
Taryhda galaýly seň bilen

Söýdi bu ýürek diňe seni söýdi
Islemez başgany söýmez özgäni
Dileýän diňe seniň bilen bolmagy
Söýýän men seni

Gaýtalamak:
Seni söýýän gülüm seni söýýän
Adyň doga ýaly dilimde gaýtalaýan
Sen gerek maňa diňe sen gerek
Seni söýýän diýeýin müň gezek

Masta young:
Ýadyňa düşýämi ilki beren güllerim
Elleriňden tutup söýýän diýenim
Unudamok ählisi meniň aklymda
Bolsadyň sen şu wagt ýanymda

Islegim, dilegim, geregim, ömrüm
Dünýädäki ýekeje söýenim
Geljekdäki meniň gelinim
Öýümiň bezegi bolsana gel gelinim

Isleýän seni, seni isleýän gülüm
Sensizlikden ölümi dileýän aýym
Gelsene ýene dolansana ýarym
Sen meniň ýerdäki bagtym

Taýym men Mežnun sen Leýlim
Seret asmana aý çykdy ýör edeli gezim
Ikimiz ele ele
Bolaýly ömürlik biz bile

Gaýtalamak:
Seni söýýän gülüm seni söýýän
Adyň doga ýaly dilimde gaýtalaýan
Sen gerek maňa diňe sen gerek
Seni söýýän diýeýin müň gezek

Rapresyon:
Täze güneş kimin nur saçdyň kalbyma
Garaşýan ýarym gelsene ýanyma
Sen bolsaň ýanymda batamok gama
Unutdyryp bildiň gam-gussany maňa

Suratyň ýüregimde dikilen heýkel
Gözlerim ýumuk gulagym ker
Içki duýgularym bilen ýatlaýan her
Sen hem bala ýatlaýansyň meger