- Жанр
- Рэп
- Лицензия
-
- Автор музыки
- NORTHbeat
- Автор текста
- Didar Toshykov
- Исполнитель
- Masta young
- Альбом
- "SENIŇ ÜÇIN"
- Студия
- M.Ý.A recordzz
- Текст
- .: Ýazmaly :.
.: Masta young :.
.: SENIŇ ÜÇIN :.
Ýazmaly ýene saňa söz ýazmaly
Söýýän sözümi men saňa aýtmaly
Gizlemeli däl saňa bolan duýgymy
Körpäm men söýýän seni
Diňle setirlerimi
Her setirimde diýjek söýýän seni
Has beter söýýän gara gözleriňi
Senden başgasyny görenok gözlerim indi
Bol, bol meniň söýenim
Bol meniňki bolaý sen gelinim
Senden başgasyny söýmez bu ýüregim
Sen meniň arzuwymdaky perim
Seniň bilen bile bolmak bu bagt maňa
Allamyň perişdesi sen taý maňa
Baglasam seni bakylyk ýoluna
Ýagty saç meniň garaňky ýoluma
Sen bagymdaky ýeke gülüm
Seni goraryn gelsede ölüm
Aýyrmaz Taňrym meni senden
Dileglerimiň ählisiniň sebäbi sen
Ilki bakyşda söýgi ýok diýýärdim söýdüm
Ömrümi saňa bagladym sen durmuşym
Sen görer gözümiň göreji
Ejem isleýä seni öýümizde göresi
Sözlerimde durjagyma berýän wada
Sen owadanja hem-de sada
Mynasyp sen kalbymdaky tagtyma
Ýara salma seni söýýän kalbyma
Sen Zöher men Tahyr saňa
Men Mežnun sen Leýli maňa
Seniň adyň ýüregime tagma
Allamyň perişdesi bol ýanymda
Gözlerim gözleriňi küýseýän günde
Seni söýýän diýesim gelýär ýene
Eliňi ber maňa
Nika ýüzügini dakaýyn barmagyňa
(Nika ýüzügini dakaýyn barmagyňa)
Söýýän seni körpäm
Razy bol gelinim meniň körpäm
Söýýän seni söýýän
Razy bolaý bolmana gelinim
Sensiň meniň ýeke geregim
Durman urýa meniň ýüregim
Ýeke Alla sensiň dilegim
Rugsat ber diýjek saňa gelinim
Mähriňi ber maňa ezizim, mähribanym, aýym, günüm, şöhläm
Söýýän körpäm
Söýýän seni körpäm
Söýýän seni körpäm
Söýýän seni
Download from http://halypa.ru