RealMusic
5 лет

Es Khalid - Dilegim

4:41
55 57%
Жанр
R&B
Жанр
R&B
Лицензия
Автор музыки
Es Khalid
Исполнитель
Es Khalid
Альбом
Gunesh yyldyzy
Текст
DILEGIM

Ýar ýanyma gelseň, janyma melhem.
Söýýän seni, söýenim dilegim sensiň.
Men seni görüp ýüregiňe seslensem,
Men seni görüp elleriňden beslensem,
Men seni görüp seni söýýän diýsem.

Ýar geljegim sen,
Seni akja fata içi görmek arzuwym meň.
Söýenim sen,
Gorkýan seni eger bagtly edip bilmesem men
Diňleseň sen, saňa bolan söýgimi meň,
Gülersiň sen, saňa bolan däli söýgimize meň.
Käte gözümi ýumýan, Belki Alla garşymda seni berer, diýip ýanyma meň.
Har etdiň,
Yanyma gelmän senem meni zar etdiň.
Zar etmek hiçle ýöne,
Jaň edip saňa men bizar etdim.
Yöne näme edeýin, aýt näme edeýin.
Söýýänler düşüner aýdanyma aşyk deýin.
Indi gaşyňy çytmaý, söz berýän,
Her çytan wagtyň durmuşymdan bölek gitýär

Başda kim söýýän diýen senmi ýada menmi,
Söýýän diýip söýgini başladanda menmi,
Goýberme meni diýip ýalbaran ýene menmi,
Yada bularyň baryny özümden düzende menmi?
Men ýöne ýaşaýan,
Men haýsy dogry haýsy ýalňyş ony hijem bilmeýän.
Şonuň üçin ýekeje ynanjym sen,
Allamaý meni, ýekeje diregim sen.
Tüm garaňkylykda dursaňam tanaýan,
Saňa iliň baglanmaýşy ýaly men baglanýan.
Diňe sen, ýürekde diňe sen.
Hiç zada gynanmaýan, ýöne seň üçin aglaýan!
Aglaýan men, ynanmarsyň beýdiýemde.
Sebäbi hiç haçan, görmediň göz ýaşymy dünýede.
Men näçe agyr görünsemde,
Käbir wagt gelýär, üýtgeýän islemesemde..!