RealMusic
1 год 12 месяцев

07. Aragon, Zumer, Militan - Mesele (Simurg EP)

3:35
25 48%
Жанр
Рэп
Жанр
Рэп
Теги
Лицензия
Над треком работали
Aragon, Zumer, Militan
Автор музыки
Aragon, Zumer, Militan
Автор текста
Aragon, Zumer, Militan
Исполнитель
Aragon, Zumer, Militan
Альбом
Simurg EP ( Darkroom Posse Compilation Album Vol.2 )
Студия
General Recordz
Текст
(Aragon)
Aýdylmadyk aýdymlarym köp meniň,
Aýdylmadyk sazlarym köp,
Aýdylmadyk sözlerim,
Gözleriňde galsyn gözlerim,
Gowysy maňa ýüzbe-ýüz geliň,
Gyşda üşemän geçdim, görmek üçin bu durmuşyň güýzlerin,
Bir gezek göremok bu şeýtanlaryň ýüzlerin,
Gapydan gelene duz beriň,
Sadaka bolara güler ýüz beriň.
Sönen umytlar gömülen, ýekeje kölegesin gysganmaz,
Öwülen adam eýýäm bu gün sögülen,
Dogry ýol görkezmek üçin düşdim öňüne,
Dowamy öňki bölümiň,
Çümjek bolma bu zäherli kölüme,
Bu dawany diňe ýuman ýeňer,
Eňekde sakal daşap ýörenlerde bar asyl kemer,
Men ötsemde galsyn meniň sungatym,
Zyndanyma gün gatyň,
Gaçmaly bärden basym, çap atym,
Göbek tattoom ýok entek,
Senemä bileňok ol meniň gymmadym,
Gezegim gelse ýummadym,
Gursaga itiň ýüňlerin we ýummaryn!

(Gaýtalamak x2) (Zumer, Aragon)
Her mesele, eltýär bizi kesele,
Talonlaram eýýäm kesilen,
Aldandyk bezelen bu menzile,
Ýok, galmady herkim ezilen,
Aýtýarys çünki görülip bu gezilen!

(Zumer)
“Bizar men”- diýip otyrmak soňy hoşmy?
Derdi bolmasa ýazarmy adam goşgy?
Men her gün goşly, gidibermeli,
Ýürekden gelse, salam elden bermeli,
Kelleler meseleli, näme edeli?
Barmy plan?!
Meniňem gelýär gaçasym durmuşdan, dur,
Jelep bolsa-da ýakynlaşma,
Ýumşakdan ur, tumşukdan,
Başarmasak geçelimi tarapyna gowşaklaryň?
Gör seret, olara chip dakyldy,
Çybyk bilen däl, söz bilen bakyldy,
Akmaga nakyldy, söz diňlän akyldy,
Zumerem her diňläniň depesinde, hop çyra ýakyldy,
Stop, bilmedim bu näme?!
Teňňe saklap pul diläne hop.
–Näme? –Näme? (Gop)
Düş perişde, okaly näme ýazdyň meniň günäme?!

(Gaýtalamak x2) (Zumer, Aragon)
Her mesele, eltýär bizi kesele,
Talonlaram eýýäm kesilen,
Aldandyk bezelen bu menzile,
Ýok, galmady herkim ezilen,
Aýtýarys çünki görülip bu gezilen!

(Militan)
Penjerämiň gapdaly onça mesele,
Oýun oýnalýar, eltýär meni kesele,
Duýgular bu, sözlerimden desseler,
Gelseler we diýseler perişdeler,
Aýdyp bersler günäleri, ýöne her işde bar günäler,
Garyşýar hünärler,
Kepek tapylmasa-da üwärler,
Ýigrenýär bu günüm aýy,
Köprüni geçýänçäň diýmeli daýy,
Daýy, daýy haçan ezer bu garyp baýy?
Bal gözlär bu aýy,
Menem ýetişjek bolýan ýuwunmaga guramanka laýy,
Diňe bela ýuba*landa ýatlar Hudaýy.
Gapdalyndan geçilmez bu hiç zat bolsa laýyk,
Bu dünýäniň özi maýyp,
Göremok hiç aýyp!
Göremok hiç aýyp!

(Gaýtalamak x2) (Zumer, Aragon)
Her mesele, eltýär bizi kesele,
Talonlaram eýýäm kesilen,
Aldandyk bezelen bu menzile,
Ýok, galmady herkim ezilen,
Aýtýarys çünki görülip bu gezilen!